BILIM

«Açyk gapylar»: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti orta mekdepleriň uçurymlaryny, esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary we ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýänleri 2022-nji ýylyň 7-nji we 14-nji maýynda sagat 15:00-da «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatdaky özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, uniwersitetde öwredilýän hünärler, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze binalar, okuw, internet, lingafon otaglary, ylmy-barlag we okuw merkezleri, muzeýler, sport klubunyňişi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler. Şeýle hem olar okuw mekdebiniňdurmuşy baradaky wideofilme, aýdym-saz, tans toparlarynyňçykyşlaryna, fakultetler tarapyndan taýýarlanan sergilere tomaşa ederler.

Uniwersitetiň salgysy: Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 31-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 94-67-30, 94-67-05.

Related posts

Ýaş habarçymyz bäsleşigiň ýeňijisi boldy

Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni giňden belleniler

“Açyk gapylar”: Türkmen döwlet medeniýet instituty