DÜNÝÄ

Tähranda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky ilçisi Y.Gaýypow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Sobhaniniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar  türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş mümkinçiliklerini, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň ornunyň we ähmiýetiniň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy babatda pikir alyşdylar.

Söhbetdeşler hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny bellediler.

 

Related posts

Muskyň kosmos internetiniň bahasy

Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahaty geçirildi

Ata Watan Eserleri

Putin Koreýanyň Liderine “Aurus” awtoulagyny sowgat berdi