JEMGYÝETSPORT

«Arkadag» toparynyň AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary belli boldy

Türkmenistanyň «Arkadag» toparynyň AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynyň 2026/27-nji möwsüminiň toparçalaýyn tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy.

Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen bije çekişligiň netijesinde «Arkadag» topary B toparçasynda BAE-niň «Al-Jazira», Eýranyň «Gol Gohar» we Bahreýniň «Al-Muharrak» klublary bilen bilelikde çykyş eder.

Türkmen kluby esasy tapgyra saýlama duşuşygynyň üsti bilen çykdy. 12-nji awgustda «Arkadag» topary öz meýdançasynda Hindistanyň «Goa» klubyny 3:0 hasabynda ynamly ýeňip, Çempionlar ligasy-2 ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Ýeňlişe sezewar bolan «Goa» bolsa AFK-nyň Çagyryş ligasynda çykyş eder.

«Arkadag» üçin bu Çempionlar ligasy-2 ýaryşynda yzly-yzyna ikinji möwsüm bolar. 2025/26-njy möwsüminde topar ýedi utuk toplap, öz toparçasynda ikinji orny eýeledi we 1/8 finala çykdy. Şol tapgyrda «Arkadag» iki duşuşygyň jemi boýunça Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» klubyna 0:2 hasabynda ýeňildi.

Şondan bir ýyl öň bolsa «Arkadag» topary AFK-nyň Çagyryş ligasynda ýeňiji bolup, klubuň taryhyndaky ilkinji halkara kubogyny gazandy.

Şu möwsümde Türkmenistan Aziýanyň klub ýaryşlarynda AFK-nyň Çagyryş ligasynda hem wekilçilik eder. Ýurdumyzyň çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi «Ahal» AFK-nyň abraýy boýunça üçünji derejeli klub ýaryşy bolan Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna göni ýollanma aldy.

Çempionlar ligasy-2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyrynda her topar alty duşuşyk geçirer. Her toparçanyň iň gowy iki topary 1/8 finala çykar. Ýaryşyň ýeňijisi AFK-nyň elit Çempionlar ligasynyň 2027/28-nji möwsüminiň deslapky tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Related posts

Asya Oyunları’na ilk defa mülteci takımı katılıyor

vepa

Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesi – Türkmen alabaýynyň baýramy

Ata Watan Eserleri