JEMGYÝET

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde dabaraly ýagdaýda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde belledi.

Döwlet Baştutanymyz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda geçiriljek umumymilli forumda döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň jemleriniň jemlenjekdigini, şeýle hem Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz umumymilli forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen degişli tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisine we Halk Maslahatyna Ministrler Kabineti, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde forumy ýokary derejede guramak boýunça taýýarlyk işlerine başlamak tabşyryldy. Şeýle hem wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisini çagyrmak boýunça guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak barada degişli karary kabul etmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Related posts

Suudi Arabistan ile “TAPI” konusu

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň belent münberinden täze başlangyçlary öňe sürdi

Ata Watan Eserleri

Ärdogandan türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty