Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik şahyra bagyşlanan dabaralar uludan tutulýar. Umumadamzat şahyry, dünýä danasy Magtymguly Pyragynyň umman ýaly çuň many-mazmuna ýugrulan eserleri tutuş adamzat üçin egsilmez akyl-paýhas hazynasydyr. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan «Magtymguly» atly kitabyň neşir edilip, elimize gowuşmagy ulus ilimiz üçin buýsançly waka boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanylan bu sowgatlyk kitaba şahyryň 271 şygry ýerleşdirilen. Saýlanyp alnan şygyrlarda beýik söz ussadynyň agzybirlik, döwletlilik, watansöýüjilik, dost-doganlyk babatda söz açýan müňöwüşginli goşgularyna giň orun berilýär.
Şeýle hem ýaňy-ýakynda beýik şahyrymyzyň goşgular ýygyndysy gruzin diline terjime edilip, bu neşiriň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Mundan başga-da, Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde görnükli tükrmen şahyrynyň heýkeliniň oturdylmagy türkmen halkynyň beýik ogluna goýulýan sarpanyň nyşanydyr.
Magtymgulynyň eserleri asyrlar geçse-de, ähmiýetini ýitirmän gelýär hem-de ol Türkmenistanyň çäginden daşarda-da örän meşhurdyr. Çünki olarda Watana söýgi, parahatçylyk söýüjilik, döredijilige, hoşniýetli goňşuçylyga, dost-doganlyga çagyryş ýaly ebedi gymmatlyklar öz aýdyň beýanyny tapýar. Şahyr asyllylyk, wepalylyk, ahlak arassalygy, rehim-şepagatlylyk, dogruçyllyk, zähmetsöýerlik ýaly ynsanyň iň gowy häsiýetlerini wasp edipdir.
Pyragynyň döredijilik dünýäsi baý we köpugurlydyr. XVIII asyryň türkmen durmuşy, taryhy, syýasy wakalar, türkmen topragyna çäksiz söýgi, ýaşaýşyň ebedi sowallary, tebigat gözelligi, ahlak päkligi — bularyň ählisi ussadyň şygyrlarynda öz beýanyny tapypdyr. Onuň goşgulary türkmen we türki dilli edebiýatyň ösmegine uly täsir edip, ýazyjy-şahyrlaryň soňky nesilleri üçin özboluşly edebi mekdebe öwrülipdir.
Milli Liderimiz we hormatly Prezidentimiz akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, onuň tutuş edebi mirasyny öwrenmekde, mertebesini dünýä ýaýmakda, wagyz etmekde, şygyrlar diwanlarynyň ýokary hilli neşir edilmegini gazanmakda bimöçber hyzmatlary bitirdiler.
Magtymguly Pyragy beýik milli şahyrymyzdyr. Şol beýiklikden Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne onuň paýhas şuglasy saçylýar. Ol şugla halkymyzyň ýüreginde we aňynda ebedi ýaşaýar.
Türkmen halkynyň milli ruhuny açmakda ägirt uly şahyrana öwrülişik döreden Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň mertebesi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde belent derejelere eýe bolýar. Gojaman Köpetdagyň eteginde beýik akyldaryň belent heýkeliniň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň döredilmegi munuň nobatdaky subutnamasy boldy.
Tebigy belentlikde beýikligi 60 metre deň bolan beýik akyldaryň bürünç heýkeli halkymyzyň söz ussadyna bolan ägirt uly söýgüsiniň nyşany hökmünde uzaklardan howalanyp görünýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde şahyryň şanyna tutulýan toý bütin köňülleri bir supra jem eýlän mukaddesligiň baýramydyr. Akyldar şahyrymyzyň döredijiligini wagyz-nesihat etmekde hem-de dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Leýli Şukurowa,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň
Döwlet muzeýiniň Tebigaty we ülkäni öwreniş bölüminiň uly ylmy işgäri.