DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilen halkara suw maslahatyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 25–28-nji maýy aralygynda Duşenbe şäherinde “Durnukly ösüş üçin suw – 2018–2028-nji ýyllar” atly Hereketleriň halkara onýyllygynyň çäklerinde ýokary derejeli 4-nji halkara maslahat geçirildi. Forumyň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda “Durnukly ösüş üçin suw – 2018–2028-nji ýyllar” atly Hereketleriň halkara onýyllygynyň maksatlaryny ilerletmek, Durnukly ösüş maksatlarynyň 6-njysyny durmuşa geçirmegi tizleşdirmek, şeýle hem BMG-niň 2026-njy ýylda geçiriljek suw serişdeleri boýunça maslahatyna taýýarlyk görmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Forumyň açylyş dabarasy 26-njy maýda Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Duşenbe şäherindäki “Kohi Somon” köşgünde geçirildi.

 

Açylyş dabarasynda çykyş eden türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň suw serişdelerine durnukly ösüşiň, sebit durnuklylygynyň we halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm şerti hökmünde garaýandygyny, aýratyn-da Merkezi Aziýada suw serişdeleriniň serhetüsti häsiýetini nazara alýandygyny belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň halkara hukugynyň kadalary esasynda, sebit döwletleriniň bähbitlerini nazara almak bilen we Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň utgaşdyryjy ornynda suw serişdelerini dolandyrmagyň adalatly, durnukly we ylmy taýdan esaslandyrylan ulgamynyň döredilmegini yzygiderli goldaýandygy nygtaldy.

Çykyşda Türkmenistanyň suw we ekologiýa ugurlaryndaky halkara başlangyçlaryna aýratyn üns berildi. Hususan-da, Merkezi Aziýanyň suw meseleleri boýunça Sebit geňeşini BMG-niň howandarlygynda döretmek baradaky başlangyjyň döwletleriň bähbitlerini utgaşdyrmagyň netijeli mehanizmi hökmünde ähmiýeti bellenildi.

Şeýle hem Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini hem-de Çölleşmäge garşy göreş boýunça Sebit merkezini döretmek başlangyçlarynyň derwaýyslygy tassyklanyldy. Bu merkezler ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmäge, tehnologiýalary alyşmaga we sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň suw serişdeleri, howanyň üýtgemegi, çölleşmä garşy göreş we biodürlüligi gorap saklamak boýunça BMG-niň esasy konwensiýalarynyň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ygrarlydygy, ekologiýa prosesleriniň özara baglanyşyklylygyny we olary toplumlaýyn esasda çözmegiň zerurdygyny nazara almak bilen tassyklanyldy.

Plenar hem-de tematiki mejlisleriň dowamynda gatnaşyjylar suw serişdelerini durnukly we toplumlaýyn dolandyrmak, ilaty arassa agyz suwy we sanitariýa bilen üpjün etmek, şeýle hem suw ulgamynda halkara we sebit hyzmatdaşlygyny berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Ilçisi Hubeý welaýatynda geçirilen çärelere gatnaşdy