DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministri ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

Waşington şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landaunyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we ony syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, bilim, medeni-ynsanperwer we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar geçen ýylyň noýabrynda Waşington şäherinde geçirilen «C5+1» sammitiniň, şeýle hem Türkmenistanyň we ABŞ-nyň Prezidentleriniň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň üstünlikli bolandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Bu duşuşyklaryň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berendigi nygtaldy.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ABŞ-nyň işewür toparlary bilen gatnaşyklary giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ABŞ amala aşyran saparynyň we onuň çäklerinde ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklaryň ähmiýeti bellenildi.

Şeýle hem taraplar ABŞ–Türkmenistan işewürler geňeşiniň wekiliýetiniň Türkmenistana boljak saparyna, şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň arasynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän her ýylky ikitaraplaýyn geňeşmeleriň nobatdaky tapgyryna taýýarlyk görmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen yzygiderli dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene-de okaň

Tokaýew we Putin sürüjisiz awtoulagyň gatnaw taslamasyna badalga berdi

Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilen halkara suw maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň we Kubanyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Germaniýanyň döwlet ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda duşuşdy

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rojers Türkmenistanda saparda bolar