DÜNÝÄ

Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow Aşgabada geldi

Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Belent mertebeli myhman Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen Aşgabatda geçiriljek Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara foruma gatnaşar.

Rustam Minnihanow bu saparyň çäklerinde birnäçe ikiçäk duşuşyklary geçirer.

Aşgabatdaky saparynyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma köp sanly döwletiň Baştutanlary hem-de halkara we sebit guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşar.

Related posts

Yssy howa Beýik Britaniýanyň ykdysadyýetine 6 milliard dollar zyýan ýetirip biler

Žurnalist Derýa Soysal Türkmenistanda akkreditasiýa aldy

Türki Döwletleriň Guramasyna täze baş sekretar bellener