JEMGYÝET

Türkiýäniň Mejlisiniň başlygy Türkmenistana geldi

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş Türkmenistanda resmi sapar geldi. Bu barada Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkiýäniň belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri we Türkiýäniň Aşgabatdaky ilisi Ahmet Demirok tarapyndan garşylandy.

Türkiýäniň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşylygyndaky wekiliýetiň düzüminde deputatlardan Hüseýin Ýaýman, Mesih Şahin we Ýaşar Ýyldyrym bar.

Numan Kurtulmuş Aşgabatdaky saparynyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma gatnaşar.

Bu forumyň çäklerinde birnäe ikiçäk duşuşyklary geçirmegi göz öňünde tutýän Türkiýäniň Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş Türkmenistanyň Mejlisiniň binasyna baryp görer hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen duşuşar.

Şeýle hem Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuşyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy göz öňünde tutulýar.

Related posts

Türkmenistan integrasiýa hereketlerinde energetikanyň we ulagyň ähmiýetligini öňe çykarýar

Ata Watan Eserleri

“Nesil” gazetine täze baş redaktor bellendi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Merkezi Aziýanyň Prezidentleriniň Kansler Olaf Şols bilen duşuşygyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri