DÜNÝÄ

Pakistanyň we Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistana geldi

Şu gün Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Huresluh döwlet sapary hem-de Pakistanyň Prezidenti Asid Ali Zardari resmi sapar bilen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada geldi.

Belent mertebeli myhmanlar Aşgabatda geçiriljek Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma gatnaşlar.

Mongoliýanyň hem-de Pakistanyň döwlet Baştutanlaryny Aşgabadyň halkara howa menzilinde resmi adamlar garşyladylar.

Bu saparlar Türkmenistan bilen Mongoliýanyň hem-de Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge giň mümkinçilikler berer.

Related posts

“Time” žurnaly “Ýylyň zenanlaryny” mälim etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaby Özbegistanda tanyşdyryldy

Litwa Türkmenistana täze ilçi belledi