SIZDEN GELENLER

Diller – dostluk köprüsi

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­mynyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de bu sö­züň äh­mi­ýe­ti, gym­ma­ty has-da ro­waç­lan­ýar. Bu gün­ki gün ýurdu­my­zyň or­ta, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de ýaşla­ra dür­li bi­lim­le­ri ber­mek bi­len bir ha­tar­da, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni hem öw­ret­mä­ge uly üns be­ril­ýär. Bu ugur­da bi­lim ul­ga­myn­da döw­re­bap tej­ri­be top­la­nyl­dy. Ýur­du­my­zyň or­ta, ýö­ri­te or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de ýaş­la­ra da­şa­ry ýurt dil­le­ri ýö­ri­te me­ýil­na­ma­lar esa­syn­da öw­redil­ýär.

Paý­tag­ty­myz­da hem-de ýur­du­my­zyň beýle­ki kün­jek­le­rin­de da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni çuň­laşdy­ryp öw­red­ýän or­ta mek­dep­ler he­re­ket ed­ýär. Di­ýa­ry­myz­da iň­lis, rus, fran­suz, ýa­pon dil­le­ri bo­ýun­ça ýö­ri­te­leş­di­ri­len or­ta mek­dep­ler bar. Sö­züň do­ly ma­ny­syn­da dün­ýä dil­le­ri­ni çuň­ňur öz­leş­dir­mek üçin ýur­du­my­zyň äh­li okuw mekdep­le­rin­de gi­ňiş­le­ýin şert­ler dö­re­di­len­dir. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry, umu­my orta bi­lim ber­ýän mek­dep­le­ri­niň dil ug­run­dan okad­ýan mu­gal­lym­la­ry okat­ma­gyň döw­re­bap usul­la­r y­ny öw­ren­ýär­ler hem-de ola­ry mil­li tej­ribe bi­len ut­gaş­dy­ryp, tej­ri­be­le­rin­de öz­leş­dir­ýär­ler.

Ýurdumyzda 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda tassyklanylan «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu Konsepsiýanyň düzgünlerini talabalaýyk ýerine ýetirmeklik üçin zerur bolan ähli şertler we mümkinçilikler ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda döredilendir. Munuň özi bolsa, milli Liderimiziň ýaşlaryň döwrebap bilim almaklygyna gönükdirilen atalyk aladalarynyň netijesidir.

Türkmen ýaşlary häzirki zamanyň döwrebap sanly tehnologiýalaryna erk edip, daşary ýurt dillerini has içgin öwrenmekligiň örän ýeňil usulyýetlerini özleşdirip, öwrenýän dillerini suwara bilýärler.

Häzirkizaman dünýäsinde sanly tehnologiýalaryň ösmekligi bilen daşary ýurt dillerini öwrenmekligiň we öwretmekligiň usulyýeti hem ýeňilleşdi. Daşary ýurt dillerini öwrenijileriň öwrenýän dilini aňsat özleşdirmekligi üçin niýetlenilen dürli programmalar döredildi. Daşary ýurt dillerini dürli oýunlaryň üsti bilen öwredýän programmalar dili örän çalt we aňsat özleşdirmäge ýardam edýär.

Söz baý­ly­gy­ňy art­dyr­mak üçin her gün tä­ze nä­ta­nyş söz­le­ri ter­ji­me edip, ola­ry ýat­la­ma­gy ýo­la goý­ma­ly. Da­şa­ry ýurt di­li­ni öw­re­nip baş­lan ilkin­ji gü­nüň­den şol dil­de gür­le­mä­ge, daş-tö­we­re­gi­ňiz­dä­ki äh­li gör­ýän zat­la­ry­ňy­zy be­ýan et­mä­ge ça­lyş­ma­ly. Dil öw­ren­mek­de ýe­ne-de bir esa­sy en­di­ge eýer­me­li, ýag­ny öz­leş­dir­ýän di­liň­de eşi­den­le­ri­ňi içiňden gaý­ta­la­ma­ly. Il­ki­baş­da deň gaý­ta­lap ýe­tiş­mez­li­gi­ňiz ah­mal, ýö­ne ýe­ti­şen ýer­le­ri­ňi­zi gaý­ta­lap do­wam et­me­li. Bu usul ar­ka­ly te­le-ra­dio ýaz­gy­lar­dan eşi­di­len mag­lu­mat­la­ry gaý­ta­lap, dog­ry söz­le­ýiş ähe­ňi­ne eýe­rip bol­ýar. Şeý­le hem, öw­re­nil­ýän di­liň esa­sy gur­luş­la­r y­na dü­şü­nip baş­la­ny­lan­dan soň, şol dil­de pi­kir­len­mä­ge ça­lyş­ma­ly. Yl­myň ös­me­gi bi­len dil öw­ret­me­giň has yg­ty­bar­ly we ne­ti­je­li usul­lary iş­le­nip, tej­ri­bä or­naş­dy­ryl­ýar. Bu bol­sa mu­gal­lym­lar, ta­lyp­lar üçin hem ýe­ňil­lik­le­ri dö­red­ýär. Dil öw­ren­mä­ge sarp ed­ýän wag­ty­ňy tyg­şytla­ma­ga şert dö­red­ýär.

Ylym-bilim ulgamyndaky amala aşyrylýan özgertmeler, ösüşler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il bähbitli syýasatynyň iň derwaýyslarynyň biridir. Bilim ulgamyndaky öňe sürülýän meseleleriniň biri-de, ýaşlarymyzyň dil öwrenmek meselesidir. Dil öwrenmek ýörelgeleri ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde giňden berjaý edilýär. Ata Watanymyzyň ähli bilim ojaklarynda dil ugruna degişli dersler çuňdan öwrenilýär.

Sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden we şertlerinden ýerlikli peýdalanmaklyk üçin ilkinji nobatda «Halkara dili» diýlip ykrar edilen daşary ýurt dillerini öwrenmeklik zerurlygy ýüze çykýar. Çünki, daşary ýurt dillerini suwara öwrenen ýaşlar ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen döwletimiziň bilim ulgamy babatda hyzmatdaşlygy ýola goýan daşary ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň, ylym-bilim merkezleriniň arasynda yzygiderli geçirilýän uzak aralykdan sapaklaryň, wideoşekilli maslahatlaryň esasynda hünär taýdan kämilleşmäge mümkinçilik alýarlar.

Gahryman Arkadagymyz halkyň taryhyny bilýän, öz ýurdunyň häzirki ýokary gazananlaryna guwanýan, Garaşsyz Türkmenistanyň şöhratyny artdyrmaga çalyşýan hakyky watançylaryň ýokary bilimli nesillerini ösdürip ýetişdirmek biziň esasy wezipämizdir diýip nygtaýar.

Şunuň bilen baglylykda, çagalaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri aýratyn ähmiýete eýe bolýar, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işlejek ýokary derejeli geljekki hünärmenlere halkara ylmy maslahatlara, medeni we sport çärelerine gatnaşmak, daşary ýurtlardaky türkmen kompaniýalarynda ýa-da ýurdumyzdaky daşary ýurt kompaniýalarynda we beýlekilerde işlemek bilen Türkmenistana wekilçilik etmek wezipesi garaşýar.

Daşary ýurt diline eýe bolmaklyk halklaryň arasynda dostluk, medeni aragatnaşyklaryň ösmegine, ýaşlaryň dünýä medeniýetiniň ruhuna ýakynlaşmaklaryna, okaýan ýaşlaryň dünýä tejribeleri bilen tanyşyp bilmekligine ýardam edýär. Ol dilleriň arasynda rus dili aýratyn wajyp orun tutýar. Sebäbi ol GDA döwletleriniň arasynda diňe bir medeni aragatnaşyk dili bolman, eýsem işjeňlik dili hem bolup dur. Şonuň üçin hem bu dil ykdysadçylara, telekeçilere we talyplara öwrenmeklik gyzyklydyr we wajypdyr.

Rus dilinde slawýan dillerinde iň giň ýaýran we gürleýänleriň umumy sany boýunça 6-njy orunda durýar. Şonuň üçin köpler iş we kär perspektiwalary üçin rus dilini öwrenmäge synanyşýarlar, käbirleri bilim almak üçin, kimdir biri rus medeniýeti bilen has gowy tanyşmak isleýär.

Rus dilini öwrenmek üçin ilkinji ädim elipbiýini özleşdirmekdir. Kiril elipbiýi, latyn elipbiýinden tapawutlylykda grek elipbiýine esaslanýar. Şol sebäpli köp harp, meňzeş bolsa-da, dürli sesleri aňladýar we käbirleri düýbünden üýtgeşik. Köpler üçin başga bir dili öwrenmegiň iň gyzykly usuly film görmek we aýdym diňlemekdir. Rus dili meselesinde köne rus filmleriniň ähmiýeti uludyr. Mümkin boldugyça rus dilindäki eserleri ýa-da mysal üçin habar saýtlary we rus dilindäki kiçijik hekaýalary okamak bilen dil baýlygyňyzy has-da ösdürmek bolar.

Rus dilini öwrenmeklige biziň ýurdumyzda uly üns berilýär. Rus dili orta mekdepleriň ählisinde hökmany okadylýan dilleriň biridir. Türkmenistan 2023-nji ýyly GDA-da – Milletara gepleşik dili hökmünde «Rus diliniň ýyly» diýip yglan etmek baradaky çözgüdi goldady. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň merkezi gazetleriniň biri bolan «Нейтральный Туркменистан» gazeti rus dilinde neşir edilýär. Ýerli teleradioýaýlymlarda rus dillinde gepleşikler berilýär.

Soňky ýyllarda internetiň ösmegi, dürli kompýuter programmalarynyň döremegi, görkezip okatmak usulyndan işjeň peýdalanylmagy daşary ýurt dilleriniň öwrenilmegini köp derejede üýtgetdi. Şeýle giň mümkinçilikleriň we dürli çeşmeleriň barlygy dili özleşdirmek mümkinçiligine oňyn täsirini ýetirdi. Bu bolsa görüş we eşidiş arkaly okuw maglumatlaryny uly gyzyklanma we höwes bilen kabul etmäge ýardam edýär.

Gowy ösen ýadyň bolmagy daşary ýurt dillerini ýeňil özleşdirmäge, şeýle hem adamyň beýleki ukyp-başarnyklaryny has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik döredýär.

Aýgül Annameredowa,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň rus dili mugallymy. 

 

Ýene-de okaň

Iňlis diliniň britan we amerikan görnüşleriniň arasyndaky aratapawutlar

Ata Watan Eserleri

Döwrebap bilim — özgertmeleriň özeni

Sagdynlyk bagtyýarlykdyr

Saglyk – ýeke-täk baýlyk

Ata Watan Eserleri

Terbiýe — bagtyýarlygyň gözbaşy

Milli terbiýe — asylly ýörelge