BILIM

Türkmenistan-BAE: oba hojalyk ylmynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al Haý Al Hameli bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory Allaberdi Gapurow myhmany mähirli mübärekläp, ýokary okuw mekdebiniň gurluşy we onda alnyp barylýan işler hakynda gürrüň berdi.

Rektor uniwersitetiň fakultetleriniň we kafedralarynyň, ylmy merkezleriniň, hünär okuw mekdepleriniň alyp barýan işleri hakynda anyk mysallary beýan etdi. Halkara hyzmatdaşlyk boýunça 13 sany ugurdaş ýokary okuw mekdepleri, 5 sany kompaniýa hem-de Pekiniň Botanika bagy bilen Ähtnamanyň we Ylalaşygyň kabul edilendigini, halkara gatnaşyklary ösdürmekde gazanylanlar hakynda maglumat berdi.

Şeýle-de uniwersitetde  halkara derejede geçirilýän çäreler, maslahatlar, bäsleşikler hakynda aýdyldy. Geljekde Arkadag şäherinde Oba hojalyk uniwersitetini gurmak boýunça alnyp barylýan işler buýsanç bilen bellenildi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi çykyşynda Türkmenistanda ylym-bilim ulgamyny, oba hojalygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere ýokary baha berdi hem-de geljekde uly üstünlikleri arzuw etdi. Türkmenistan bilen arap ýurtlarynyň, şol sanda BAE-niň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde gazanylanlar hakynda gürrüň edildi. Ýokary okuw mekdebimiziň guraýan bäsleşiklerine, forumlaryna gatnaşmaga gyzyklanma bildirildi hem-de geljekde hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça başlangyçlar beýan edildi.

Ýene-de okaň

Tatarystanyň Premýer-ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Makul Sözlük: diller arasynda ygtybarly köpri

Dr.Döwran Orazgylyjov

Samarkantda «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» uniwersitetleriniň kongresi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanly okuwçylar halkara matematika olimpiadasy 29 medal gazandylar

TOHU-da brendleriň psihologiýasy boýunça açyk sapak geçirildi

“Ýaş inžener 2026” atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi