BIZNES

Türk kompaniýalary Türkmenistanda 53.3 milliardlyk taslamalary durmuşa geçirdi

1972-nji ýyldan 2024-nji ýylyň awgustyna çenli Türkiýäniň potratçylyk pudagy 137 döwletde 12 müň 277 taslamany durmuşa geçirdi. Bu barada “Anadolu” agentligi Türkiýäniň Söwda ministrligine salgylanyp habar berýär.

Hasabat döwründe türk gurluşyk kompaniýalary iň köp taslamany Russiýada amala aşyrdylar. Russiýada ýerine ýetirilen potratçylyk taslamalarynyň möçberi 102.3 milliard dollara deň boldy.

Türk potratçylyk kompaniýalarynyň Russiýadan soňra iň köp gurluşyk taslamalaryny amala aşyran ýurdy Türkmenistandyr. Türkmenistanda 53.3 milliard dollar möçberinde taslamalar ýerine ýetirildi.

Şeýle hem türk kompaniýalary Gazagystanda 29.5 milliard dollara golaý taslamalary durmuşa geçirdiler.

Tutuş dünýäde durmuşa geçirilen taslamalaryň 13.9 göterimini awtomobil ýollary, ýerasty geçelgeleri we köprüler, 13.8 göterimini bolsa ýaşaýyş jaýlary düzýär. Elektrik stansiýalaryň paýy 8.6 göterim, söwda merkezleriniň paýy 7.1 göterim, howa menzilleriniň paýy 6.6 göterime deňdir.

Türk kompaniýalary daşary ýurtlarda şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda 11,2 milliard dollar möçberinde 148 taslamany durmuşa geçirdiler.

Geçen ýylyň dowamynda bolsa, 28.1 milliard dollar möçberinde 433 halkara taslamalar ýerine ýetirildi.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy