SPORT

Ferdi Kadyogly Angliýada oýnar

Angliýanyň çempionaty “Premier Ligada” çykyş edýän  “Braýton” topary Türkiýäniň “Fenerbahçe” toparynyň goragçysy Ferdi Kadygoluny 30+5 million ýewro transfer etdi.

Iňlis kluby 24 ýaşyndaky türkiýeli futbolçy bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol Türkiýäniň çempionatyndan transfer bolan iň gymmat futbolçy hökmünde hasaba alyndy. Kadyogly geçen möwsümde çempionatda 37 oýunda meýdança çykdy.

Şeýle hem Ferdi Kadyogly şu ýylyň tomsunda Germaniýada geçirilen futbol boýunça Ýewropa çempionatynda Tükriýäniň milli ýygyndysyndan görkezen netijeli oýny bilen köp sanly toparlaryň gyzyklanmasyna eýe boldy.

Related posts

Gyşky Aziada–2029 Gazagystanda geçiriler

Çempionlar ligasy: “Bawariýanyň” rekordy, “Galatasaraýyň” Angliýadaky ilkinji ýeňşi

“Barselona” topary Wirjil wan Deýk bilen gyzyklanýar