SPORT

“Barselona” topary Wirjil wan Deýk bilen gyzyklanýar

Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň niderlandly goragçysy Wirjil wan Deýk “Barselona” toparynyň ünsüni çekýär. Bu barada “El Nacional” neşiri habar berýär.

Ispan ägirdi 33 ýaşly futbolçy bilen gyzyklanýar we niderlandly futbolçynyň iňlis topary bilen şertnamasynyň möhleti 2025-nji ýylyň tomsunda tamamlanýar.

Ispan topary bu goragçyny düzümine goşmak üçin ilki bilen, öz düzümindäki ugurwaýly goragçy Ronalda Arauhony başga topara ibermegi zerur bolup durýar. Urugwaýly futbolçy bilen iňlis toparlary gyzyklanýar.

Wirjil wan Deýk iňlis toparynyň düzüminde şu möwsümde 32 duşuşykda oýnady we bu futbolçynyň transfer bahasy 28 million ýewro deňdir.

Related posts

«Galkan» onunjy gezek Türkmenistanyň hokkeý boýunça çempiony boldy

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň açylyş we final duşuşyklarynyň stadiony belli boldy

Ata Watan Eserleri

Kabo-Werde hem ýeňmän, hem ýeňilmän 1/16 tapgyryna çykdy