SPORT

“Sporting” topary 20-nji gezek Portugaliýanyň çempiony boldy

Ýewropanyň öňdebaryjy ýurtlarynyň biri bolan Portugaliýanyň futbol çempionatynda çempion belli boldy. 2023-2024-nji möwsümiň çempiony derejesine “Sporting” topary mynasyp boldy. Wagtyndan öň çempionlygyny yglan eden Lissabonyň topary çempionatyň tamamlanmagyna 2 hepde galanda çempion bolmagy başardy.

Bu hem onuň esasy bäsdeşi “Benfika” toparynyň “Famalikan” toparyndan 2:0 hasabynda utulmagy bilen amala aşdy.

“Sporting” topary bolsa, “Portimonense” toparyny 3:0 hasabynda utup, 20-nji gezek çempion bolmagy başardy.

Lissabonyň toparynyň taryhyndaky 20-nji çempionlygy onuň esasy bäsdeşlerinden entek has uzakdadygyny görkezýär. “Benfika” topary 38 gezek, “Porto” topary bolsa, 30 gezek çempion bolupdy.

Related posts

Infantino: Eýran futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Messi “PSŽ” bilen hoşlaşýar

2027-nji ýylda 4-nji Ýewropa oýunlary Stambulda geçiriler