SPORT

59 ýaşly futbolçy täze bir ýyllyk şertnama gol çekdi

Hüjümçi Kadzýoşi Miura «Ýokogama» kluby bilen şertnamasyny uzaltdy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berýär.

Oýunçy bilen baglaşylan ylalaşyk bir möwsüm üçin niýetlenendir. Futbolçy Ýaponiýanyň üçünji güýçli diwizionynda çykyş edýän «Fukuşima Ýunaýted» klubynda kärende esasynda oýnar.
Miura 59 ýaşynda, ol 2005-nji ýyldan bäri «Ýokogamanyň» oýunçysydyr, mundan ozal ol Ýaponiýanyň «Sudzuka Point Getters», «Atletiko Sudzuka», Awstraliýanyň «Sidneý» we Portugaliýanyň «Oliweýrense» klublarynda kärende esasynda çykyş etdi.

Şeýle hem ol Braziliýanyň «Palmeýras», «Koritiba», «Santos», Zagrebiň «Dinamo» we Italiýanyň «Jenoa» toparlarynyň oýunçysy boldy. Miura Ýaponiýanyň iki gezek çempionydyr, şeýle-de ol Ýaponiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 1992-nji ýyldaky Aziýa Kubogynyň ýeňijisidir. Önümizdäki möwsüm onuň karýerasynda 42-nji möwsüm bolar.

Related posts

Messiniň 700-nji goly

“Mançester Ýunaýtediň” täze rekordy: 300-nji ýeňşi

Eýranyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna Antalyada taýýarlanýar

Ata Watan Eserleri