SPORT

Gurban Berdiýewiň “Dinomasy” birinjilige geçdi

Russiýanyň futbol boýunça çempionatynyň “Melbet” birinji ligasynda gyşky dynç alyş möwsümi başlady. Bu gyşky dynç alyş möwsümini ildeşimiz Gurban Berdiýewiň tälimçilik edýän “Dinamo Mahaçkala” topary birinjilikde tamamlady.

“Dinamo” topary 37 utuk jemledi. Bu döwürde ikinji orundaky “Himki” toparynyň utuk sany 36-a deň boldy. Gurban Berdiýewiň döwründe ýarymgoragçylar Samin Abdullahi we Egaş Kassintura hem-de hüjümsi Serder Serderow gowy oýun görkezmegi başardy. Şeýle hem tutuşlygyny topar öz derwezesine az gol geçirtdi.

Eger düýpgöter üýtgeşiklik amala aşyrylmadyk halatynda, “Dinamo” bilen “Himki” topary Russiýanyň ýokary ligasyna çykyp biler.

“Dinamo” topary Dagystanyň iň baýry toparlarynyň biridir. Topar 1927-nji ýylda döredildi. Bu topar özüniň ilkinji 30 ýylynda Dagystanyň çempionatynda oýnap, 8 gezek çempion boldy. Soňra kem-kemden Russiýanyň futbol çempionatynyň başgançaklary bilen ýokary çykyp ugrady. Häzirki wagtda birinji ligada çykyş edýär.

 

Ýene-de okaň

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy