SPORT

“Mançester Ýunaýted” topary Erik ten Hagy wezipesinden boşatdy

Angliýanyň  güýçli hem-de baýry futbol toparlaryndan “Mançester Ýunaýted” topary baş tälimçisi niderlandly Erik ten Hagy wezipesinden boşatdy. Niderlandly tälimçiniň topary Angliýanyň milli çempionatynda 14-nji orna çenli aşaklady. Muny toparyň ýolbaşy düzümi hem garaşmandy.

Aslynda, Ýewropa çempionatlarynda garaşylan waka boldy. iňlis topary bir eýýäm tälimçisi Erig ten Hagy wezipesinden boşatmagy göz öňünde tutupdy.

Topar tälimçisi bilen wagtyndan öň şertnamanyň ýatyrýandygy üçin oňa 21 million ýewro berer.

Ten Hagdan soňra toparyň tälimçisi wezipesine wagtlaýynça Rud wan Nistelroý bellendi. Iňlis toparynyň baş tälimçisi wezipesi üçin ispan tälimçi Hawi bilen hem gyzyklanylýar. Habarlara görä, iňlis tarapy ozalky “Barselona” toparynyň hem futbolçysy hem-de tälimçisi bolan Hawi bilen gyzyklanypdy.

 

Related posts

Tokio-2020: Fiji regbi-7 ýaryşynyň ýeňijisi

Daliç Horwatiýada galýar

Awtoulag ýaryşlary: “Garagum-ýalkym” ralli reýd ýaryşy geçirildi

Ata Watan Eserleri