SPORT

Tokio-2020: karatede ilkinji Olimpiýa medaly

Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda geçirilýän tomusky Olimpiýa oýunlaryna ilkinji gezek sportuň täze görnüşleri goşuldy. Olaryň biri hem karate sportydyr. Bu sport görnüşinde ilkinji Olimpiýa medalyny ispaniýaly türgen Sandra Sançes gazandy.

Ispan türgeni Sandra Sançes karate sportunyň “kata” görnüşinde ýapon türgeni Kiue Samidzany ýeňmegi başardy. Şeýlelikde, ispan türgeni Olimpiýa oýunlarynda karate sportunda ilkinji medal gazanan türgen boldy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Tokio Olimpiýa oýunlarynyň sport maksatnamasyna sportuň karate, daga dyrmaşmak, sýorfing, skeýtbording ýaly täze görnüşleri girizildi.

 

Hytaý 2 milliard doza sanjym kömegini berer

Related posts

“Mançester Siti” topary Fabian Ruiz üçin göreşer

Ýewro-2020: Germaniýa hakyky oýnuny görkezdi

Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Kolumbiýada altyn we kümüş medallar gazandy