JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Dostluk” gämisi üçin Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde türkmen halkyna sowgat berlen täze “Dostluk” gämisi üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirdi.

Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Şol söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri türkmen halkyna sowgat berlen täze “Dostluk” gämisi üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, bu gäminiň diňe bir Türkmenistan bilen Azerbaýjan üçin däl-de, eýsem Hazar sebitiniň beýleki ýurtlaryna hem oňyn täsirini ýetirjekdigini belledi.

Related posts

9 ýurduň işewürleri bilen işewürlik forumlary geçirildi

İran devrimin 40. yıl dönümünü Aşkabat’ta da kutlandı

vepa

Spor Başarılar: Türkmenistan, 2019 Asya Kupası’nda Galip Geldi

vepa