SPORT

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň duşuşyklary 2021-nji ýyla geçirildi

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň oktýabr we noýabr aýlarynda geçirilmegi meýilleşdirilen halkara duşuşyklary 2021-nji ýyla geçirildi. Bu barada AFK resmi saýtynda habar berdi.

2020-nji ýylda COVID-19 hadysasynyň ýüze çykmagy bilen, Dünýä çempionaty ― 2022-niň we Aziýa kubogy ― 2023-iň saýlama duşuşyklary eýýäm ikinji gezek yza süýşürilýär. Başky meýilnama boýunça deslapky saýlama tapgyry iýun aýynda tamamlanmalydy. Ýöne AFK ony şu ýylyň oktýabr we noýabr aýlaryna süýşürdi. Ýöne döwletleriň köpüsinde koronowirus bilen bagly ýagdaýyň kadalaşmandygy sebäpli, indi bu oýunlar 2021-nji ýyla geçirildi.

Konfederasiýa duşuşyklary täze seneleri barada goşmaça habar bermekçi. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Aziýa boýunça saýlama ýaryşlaryň «H» toparçasyna wekilçilik edýär.    

Ýene-de okaň

Messiniň taryhy rekordy

Eýranyň dünýä çempionatyndaky özboluşly rekordy

Germaniýa 12 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykdy

Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky 1000-nji duşuşyk geçirildi

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy