BIZNES

“Dragon Oil” kompaniýasy Türkmenistandaky maýa goýumlaryny artdyrar

“Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer Türkmenistanda saparda boldy. Ol saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hem-de “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow bilen duşuşdy. Bu barada BAE-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň barşynda “Dragon Oil” kompaniýasy bilen Türkmenistanyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, “Çeleken” hem-de “Blok 19” maýa ýoum taslamalaryna seredildi.

Türkmen tarapy BAE-niň kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berip, “Dragon Oil” kompaniýasyny sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Maýa goýum forumyna çagyrdy.

Duşuşygyň barşynda 10 milliard dollardan gowrak maýa goýumlaryň özleşdirilmegi hem-de Çeleken ýatagynda önümçiligiň artdyrylmagy, önümçiligiň 447 million barrele ýetirilmegi babatda pikir alşyldy.

“Dragon Oil” kompaniýasy önümçilikde daşky gurşawy goramaga uly ähmiýet berilýändigini belläp, Hazar deňziniň tebigatyna zyýan bermegiň hem-de deňziň hapalanmagyny öňüni almak babatda degişli işleriň geçirilýändigini belledi.

Şeýle hem “Ždanow” we “Blok 19” ýataklarynda gözleg işleriniň alnyp barylýandygy bellenilip, mundan başga-da, “Blok 20” we beýleki goşmaýa ýataklary özleşdirmek meselelerine hem garaldy.

Şeýle hem taraplar çig nebiti ýerlemek boýunça meýilnamalara hem seredip, çig nebiti ýurduň çägine ýerlemegiň has maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Related posts

Yragyň nebitgaz pudagyna 27 milliard dollar maýa goýlar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Germaniýa bilelikdäki beýannama gol çekdiler

Türkmen telekeçileri “GreenTech Amsterdam” sergisine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri