JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Pakistan söwda gatnaşyklaryny diwersifikasiýalaşdyrar

Pakistan Yslam Respublikasynda saparda bolýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky syýasy geňeşmelere gatnaşdy. Pakistan tarapyna Pakistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Ishak Dar başlyklyk etdi.

“Radio Pakistan” ýaýlymynyň habar bermegine görä, syýasy geňeşmelerde taraplaryň arasynda söwda gatnaşyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de üstaşyr söwda şertnamasyny tamamlamak boýunça ylalaşyk gazanyldy.

Pakistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Ishak Dar syýasy geňeşmeler boýunça habarçylara beren beýanatynda syýasy, ykdysady we beýleki ugurlardaky gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşandyklaryny belledi. Maýa goýum, energetika, özara baglanyşyklar we maglumat tehnologiýalary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlendi.

Pakistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň kompaniýalaryny Pakistandaky maýa goýum mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrdy. Şeýle hem ol Pakistanyň deňiz portlarynyň her iki döwlet üçin bähbitli boljakdygyny belläp, Türkmenistanyň edaralaryna we kärhanalaryna Gwadar we Karaçi deňiz portlary arkaly Ýakyn Gündoagar, Afrika we beýleki döwletler bilen söwda gatnaşyklaryny amala aşyrmaga çagyrdy.

Pakistanyň daşary işler ministri TOPH gaz geçirijisi we TOP elektrik geçirijisi taslamasynyň sebit üçin ägirt uly mümkinçilikleri döredýändigini belledi.

Ol parlametnara gatnaşyklary, medeni alyş-çalşygy we bilim ulgamynda talyp haky maksatnamalary durmuşa geçirmegi ilerletmek babatda ylalaşandyklaryny aýtdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow öz gezeginde Pakistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändiklerini belläp, TOPH gaz geçirijisi we TOP elektrik geçirijisi taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin has köp çemeleşiljekdigini aýtdy.

Şeýle hem türkmen wekiliýeti iki ýurduň ulag mümkinçilikleri göz öňünde tutulyp, halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça işjeň hyzmatdaşlyk alyp barmak babatda ylalaşylandygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň ilçisi: Hytaý jemgyýetinde türkmen diline bolan ünsi artýar

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy