BIZNES

Türkmenistan bilen Özbegistanyň özara söwda möçberi artýar

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygynyň möçberi 614.2 million dollara deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 170 million dollar artdy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika baradaky agentligi habar berýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Özbegistanyň daşary söwda hyzmatdaşlarynyň sanawynda 6-njy orny eýeledi. Hasabat döwründe Türkmenistanyň Özbegistana eksportunyň möçberi 553.7 million dollara deň boldy.

Ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Özbegistandan import eden harytlarynyň möçberi 60.5 million dollara barabar boldy. Özbegistanda türkmen maýa goýumly 186 kärhana hereket edýär.

Related posts

Türkmenistanda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy

Türkmenistan petrolünün BTC akışına devam

vepa

Türkmenistan, Bakü Oyunları’nda 13 Madalya Kazandı

vepa