SPORT

Ronaldo: bu meniň soňky Ýewropa çempionatymdyr

Portugaliýaly hüjümçi Kristiano Ronaldo häzirki wagtda dowam edýän Ýewropa çempionatynyň özüniň karýerasyndaky soňky çempionatdygyny belledi.

– Bu meniň üçin soňky Ýewro bolar. Bu meni byinjalyk edenok, has-da höweslendirýär. Men janköýerlere gynanýan. Men hemişe bu köýnekçe üçin tagalla ederin. Ony ömürlik etmek üçin synanyşaryn. Özüňe jogapkärçilik almak zerurdyr – diýip, Ronaldo belläp geçýär.

Mälim bolşy ýaly, 1/8 finalda Portugaliýa Sloweniýany 11 metrlik jeirme urgulary bilen ýeňip, 1/4 finala çykdy. Bu duşuşykda Ronaldo oýnuň dowamynda 11 metrlik jerime urgusyndan peýdalanyp bilmändigi üçin gaty gynanyp, duşuşygyň dowamynda aglady.

Related posts

“Ýylyň türgeni” – Lebron Jeýms

Enso Fernandes dünýä çempionatynyň finalynda gyzyl kart alan 6-njy futbolçy boldy

Pirlonyň 1-nji, “Ýuwentusyň” 9-njy Superkubogy