26-njy iýunda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşiginiň ýeňijilerine iberen Gutlagy okaldy.
Beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede uludan bellenilýän ýylynda yglan edilen döredijilik bäsleşigine zehinli ýaşlaryň ýüzlerçesi öz döreden çeper eserleri, goşgulary bilen gatnaşdylar. Bäsleşik olaryň arasyndan iň ökdelerini öňe çykardy. Dabarada döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolan ýaşlaryň birnäçesi çykyş edip, öz ýürek buýsançlaryny goşgudyr gazallaryň üsti bilen beýan etdiler.
