BIZNES

Türkmenistanda BAE-niň 5 milliarddan gowrak maýa goýum taslamalary hasaba alyndy

Paýtagtymyz Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki dostlukly ýurduň döwlet we işewür düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar.

Birleşen Arap Emirlikleri Türkmenistanyň şu ýylyň ýanwar-aprel aýlaryndaky daşary söwda dolanyşygynda 5-nji orny eýeläp, söwda dolanyşygy 6.3 göterim artdy. 2024-nji ýylyň 1-nji martyndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanda BAE-niň kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 5 milliard dollardan gowrak bolan 138 maýa goýum taslamalary hasaba alyndy. Bu barada Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň çykyşynda bellenilip geçildi.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky işewürlik gatnaşyklaryny täze dereje çykarmak üçin uly mümkinçilikler bar. Söwda-senagat edarasy ýerli telekeçileriň işlerini ilerletmek, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak üçin tagalla edýär – diýip, bellän Mergen Gurdow BAE-li işewürleri Aşgabatda öňde boljak iri çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Olaryň hatarynda “Türkmentel”, “Türkmenistanyň nebiti we gazy 2024” ýaly halkara sergileri, 19-20-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumy bar.

Şeýle hem işewürler maslahatynda edilen çykyşlarda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky söwda dolanyşygy 2023-nji ýylda 1 milliard 290 million dollar bolup, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 15.8 göterim artdy. Türkmenistanyň Emirliklere eskporty 13.3 göterim. importy bolsa 16.2 göterim artdy.

Related posts

“Gazprom” Özbegistan, Gazagystan we Gyrgyzystan bilen 15 ýyllyk şertnama baglaşar

Lukmançylyk önümlerini 128 ýurda satýar

Ýewropada tebigy gazyň bahasy gymmatlady