DÜNÝÄ

Türkmen telekeçileri BAE oba hojalyk önümlerini eksport etmäge taýýar

Türkmenistanyň telekeçileriniň eksport bazarlarynyň geografiýays ýylyň-ýylyna giňelip, häzirki wagtda 50 döwlete baryp ýetdi. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Nökerguly Atagulyýew “Türkmenistan-BAE” işewürler maslahatynda belläp geçdi.

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň düzüminde döwlete dahylly däl pudagynyň paýy 70 göterime deň boldy. Emirligiň kompaniýalaryny türkmen işewürler düzümi bilen hyzmatdaşlyk etmäge çagyran TSTB-niň başlygy Nökerguly Atagulyýew türkmen hususy pudagynyň wekilleriniň Arkadag şäherinde ähli inženerçilik ugurlary bilen 340 binany gurandyklaryny, umumy uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny belledi.

Türkmen telekeçileri tarapyndna döredilen oba hojalygy we azyk senagaty önümçilik kärhanalarynyň hasabyna et-süýt önümleriniň, miwe we bakja önümleriniň, alkogolsyz içgileriň importunyň azalandygyny bellän TSTB-niň başlygy Nökerguly Atagulyýew: “Biz Birleşen Arap Emirlikelriniň bazaryna hususy pudagyň wekilleri tarapyndan öndürilýän ekologiýa taýdan oba hojalyk we azyk senagaty önümlerini eksport etmäge taýýardyrys” diýip belledi.

Aşgabatda geçirilen “Türkmenistan — BAE” işewürlik maslahatyna gatnaşmak öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marri türkmen paýtagtyna geldi.

Ýene-de okaň

Türkmen we iňlis nakyllary Kindle görnüşinde çap edildi

Azerbaýjan Ukraina awtobuslary berdi we 45 million dollar möçberinde kömek etdi

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy