JEMGYÝET

Türkmenistan Eýrandan gelýänlere ynsanperwerlik goldawyny bermegi dowam edýär

Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlary üçin 24 sagatlyk ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edýär.

Häzirki wagtdaky ýagdaýa görä, Hindistanyň, Hytaýyň, Pakistanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary bolan ýüzlerçe adam barlag-goýberiş nokatlary arkaly Türkmenistanyň döwlet serhedinden geçdi.

Türkmen häkimiýeti bu raýatlar üçin üstaşyr geçişi üpjün edip, olaryň öz Watanyna dolanmagyna ýardam edýär.

Bu iş Aşgabatdaky daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar.

Related posts

Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleriniň telefon söhbetdeşligi

Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň täze sebit merkezi açylar

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas Aşgabatda saparda boldy