Russiýanyň “Dinamo Mahaçkala” toparynyň başlygynyň geňeşçisi wezipesinde işleýän ildeşimiz Gurban Berdiýew Azerbaýjanyň “Turan” topary bilen şertnama baglaşdy. Bu barada Azerbaýjan toparynyň sport boýunça direktory Samed Nasibow habar berdi.
Onuň bellemegine görä, 71 ýaşyndaky tälimçi bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşyldy. Şeýle hem bu şertnamanyň möhletini ýene-de bir ýyl uzaltmak mümkinçiligi bardyr.
– Düýn Gurban Berdiýew Baku şäherine geldi. Şu gün bolsa, biz onuň bilen şertnama baglaşdyk – diýip, toparyň sport boýunça direktory Nasibow belledi.
Gurban Berdiýewiň öňünde toparyň milli çempionatda oňat çykyş edip, Konferensiýa ligasy ýaryşyna gatnaşmak wezipesi goýuldu.
Şeýle hem Gurban Berdiýew futbol akademiýasyny ösdürmek boýunça hem zähmet çeker.
Gurban Berdiýewe «Dagystan Respublikasynyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly at berildi
