JEMGYÝET

Ronaldoly Portugaliýa 1/8 finala çykdy

Germaniýada geçirilýän futbol boýunça Ýewropa çempionatynda “F” toparçasynda Türkiýe bilen Porrtugaliýanyň arasyndaky duşuşyk 3:0 hasabynda tamamlandy. Bu duşuşykda ýeňiş gazanan Portugaliýanyň ýygyndysy 6 utuk bilen 1/8 finala çykmagy başardy.

Mundan ozal, 1/8 finala ýer eýeleri Germaniýa bilen Ispaniýa hem çykmagy başarypdy.

Türkiýe bilen Portugaliýanyň duşuşygynda hasap 21:-nji minutda açyldy. Bernardo Silwa tapawutlandy. 28-nji minutda Türkiýäniň goragçysy bilen derwezeçisiniň arasyndaky düşünişmezlik sebäpli Samet Akaýdin öz derwezesine gol geçirdi.

55-nji minutyda Kristiano Ronaldonyň geçiren pasy bilen Bruno Fernandes hasaby 3:0 ýetirdi.

Şeýlelikde, Roberto Martinesiň şägirtleri 6 utuk bilen 1/8 finala çykdy.

Türkiýäniň 3 utugy bar, bu toparçada çykyş edýän Gruziýa bilen Çehiýanyň bolsa 1 utugy bar.

Indiki tapgyrda Türkiýe Çehiýa bilen Portugaliýa bolsa, Gruziýa bilen duşuşar.

Related posts

Jebel şäherçesinde halkara howa menziliniň düýbi tutular

Ata Watan Eserleri

Dünýädäki iň gymmat surat göçürme bolup biler

vepa

Tokio-2020: Hytaý altyn medallarynyň sanyny artdyrdy