JEMGYÝETSPORT

Tokio-2020: Hytaý altyn medallarynyň sanyny artdyrdy

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde dowam edýän tomusky Olimpiýa oýunlarynyň 2-nji gününde 18 medal toplumy gowşuryldy. Hytaýly türgenler 2 günüň dowamynda 6 altyn, 1 kümüş hem-de 4 bürünç medal gazanyp, umumylykda 11 medal bilen sanawda birinji orny eýeleýär.

17 döwlet altyn medal gazandy. Şolaryň hatarynda Özbegistan hem özüniň Tokio Olimpiýa oýunlaryndaky altyn medalyny tekwando ýaryşynda gazandy. Amerikaly türgenler hem gowy netijeler görkezip başlady.

Umuman, Olimpiýa oýunlarynyň medal gowşuruylyp başlanan 2-nji gününde Hytaýyň 6 altyn, ýer eýeleri ýaponiýanyň 5 altyn, üçünji orundaky Amerikanyň 4 altyn medaly bar.

Basketbol sportunyň şasy hasaplanýan Amerikanyň ýygyndysy Olimpiýa oýunlaryna ýeňliş bilen başlady. Olar Fransiýanyň milli ýygyndysyndan 76:83 hasap bilen ýeňildi. Şeýlelikde, mundan ozal ABŞ-nyň ýygyndysy 2004-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji duşuşygynda ýeňlipdi.

Soňky ýagdaýlara görä, medal sanawy şeýle:

ÝURT ALTYN KÜMÜŞ BÜRÜNÇ JEMI
1 Hytaý 6 1 4 11
2 Ýaponiýa 5 1 0 6
3 ABŞ 4 2 4 10
4 Günorta Koreýa 2 0 3 5
5 Russiýa 1 4 2 7
6 Italiýa 1 1 3 4
7 Fransiýa 1 1 1 3
7 Awstraliýa 1 1 1 3
9 Tunis 1 1 0 2
9 Wengriýa 1 1 0 2
11 Eýran 1 0 0 1
11 Kosowa 1 0 0 1
11 Tailand 1 0 0 1
11 Ekwador 1 0 0 1
11 Awstriýa 1 0 0 1
11 Özbegistan 1 0 0 1
17 Kanada 0 2 0 2
17 Niderlandlar 0 2 0 2
19 Serbiýa 0 1 1 2
19 Indoneziýa 0 1 1 2
19 Braziliýa 0 1 1 2
19 Beýik Britaniýa 0 1 1 2
19 Taýwan 0 1 1 2
24 Belgiýa 0 1 0 1
24 Bolgariýa 0 1 0 1
24 Ispaniýa 0 1 0 1
24 Hindistan 0 1 0 1
24 Rumyniýa 0 1 0 1
24 Kolumbiýa 0 1 0 1
24 Gruziýa 0 1 0 1
31 Germaniýa 0 0 2 2
31 Gazagystan 0 0 2 2
31 Ukraina 0 0 2 2
31 Türkiýe 0 0 2 2
35 Şweýsariýa 0 0 1 1
35 Meksika 0 0 1 1
35 Sloweniýa 0 0 1 1
35 Mongoliýa 0 0 1 1
35 Estoniýa 0 0 1 1
35 Ysraýyl 0 0 1 1

 

 

Tokio-2020: skeýtbordda ilkinji olimpiýa medaly

Related posts

Türkmenistanda Azyk howpsuzlygy boýunça halkara forumyny geçirmegi teklip etdi

Aşgabatda geçiriljek hokkeý boýunça halkara ýaryşyň petekleri satylyp başlandy

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Prezidentleri duşuşdy