SIZDEN GELENLER

Şekillendiriş sungaty – gadymy sungat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda milli bilim ulgamy innowasion ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, päk ahlakly, ruhy taýdan sagdyn, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünär taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli mirasymyzy hem öwrenmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Häzirki döwürde durmuş we jemgyýet çalt depginlerde özgerýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiz ajaýyp ösüşlere eýe boldy. Şonuň bilen baglanyşykly täze dünýägaraýyş, täze ideologiýa, täze syýasat dünýä indi, berkleşdi, kämilleşdi. Häzirki Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döwrümiziň talabyna laýyklykda bilimiň orta we ýokary basgançaklarynda bilim we terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar.
1991-nji ýylyň güýzünde Türkmenistan Garaşsyz döwlet boldy. Bu türkmen halkynyň ykbalynda bahasyna ýetip bolmajak uly wakadyr. Garaşsyzlygyň alynmagy bilen halkymyz özüniň ata-babalarynyň däp-dessurlaryny, medeniýetini we sungatyny ösdürmäge giň mümkinçilik gazandy.
Has gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan halkymyzyň taryhynda köp sanly döwletler, ägirt uly imperiýalar ýaşap geçipdir. Änew medeniýeti, Marguş medeniýeti, Parfiýa medeniýeti, Köneürgenç sebitlerindäki we beýleki ýadygärlikler ata-babalarymyzyň türkmen topragynda iňňän gadymy döwürlerde ösen siwilizasiýalary döredendiklerine şaýatlyk edýär. Gadymyýetden habar berýän
türkmeniň pazyryk halysy, gözelligi we ýyndamlygy bilen dünýäni haýrana goýan ahal-teke atlary türkmeniň döreden gymmatlyklary hasap edilýär.

Sungat adamzadyň döredijilik zähmetini şekillendirip bilmek ukybydyr: Suratkeşiň daş töweregini, ony gurşap alýan hakykatyň keşbini suratlandyranda şöhlelendirýän sungatdyr. Şekillendiriş sungaty dünýäniň, adamlaryň, haýwanlaryň we ösümlik dünýäsiniň şekilini suratlandyrýar, jemgyýetiň we her bir adamyň durmuşyny, olaryň pikirini, arzuwlaryny we duýgularyny şöhlelendirýär.

Şekillendiriş sungatynyň görnüşleri: 1.Nakgaşlyk- dünýäniň keşbini dürli reňkleriň sazlaşygynda suratlandyrýar. 2.Grafika- kagyzyň ýüzünde 1, 2 reňk bilen (ak, gara) çekilýän şekillendiriş sungatynyň görnüşi, grafikanyň esasy çeperçilik serişdesi- çyzyk, ştrih, nokat. Grafikada birnäçe reňkler hem ulanylýar. Heýkeltaraşlyk: Şekillendiriş sungatynyň göwrümli görnişi. Onuň 3 ölçegi bar- beýikligi, uzynlygy, galyňlygy.

Ýurdumyzda sungaty we medeniýeti ösdürmeklige köp üns berilýär. Ýurdumyzda birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň, muzeýleriň gurulmagy, bäsleşikleriň yglan edilmegi, ylmy konferensiýalaryň geçirilmegi, sergileriň guralmagy, medeniýet we sungat günleriniň geçirilmegi muňa aýdyň mysal bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda ýurdumyzda sungaty, medeniýeti ösdürmek üçin birnäçe bäsleşikleri yglan etdi. Bu bäsleşikler bolsa ýaş sungat, medeniýet işgärleriniň döretmäge, gurmaga bolan höwesini has-da artdyrýar. Ol bäsleşikleriň biri hem “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşigidir. Bu bäsleşigiň ýeňijileri her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda yglan edilýär we ýeňijilere gymmatbahaly sowgatlar gowşurylýar. Mundan başga-da çagajyklaryň arasynda “Iň eýjejik gyzjagaz”, “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” ýaly bäsleşikler hem geçirilýär. Bu edilýän işleriň ählisi ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi üçin edilýän atalyk aladalar bolup durýar.
Şekillendiriş sungaty dersi başlangyç synplarda ýörite okuw dersi bolup, okuwyň maksady okuwçylaryň şekillendiriş sungaty baradaky bilimlerini ýokarlandyrmak we ösüp gelýän ýaş nesilde akyl, ahlak, zähmet we gözellik terbiýesini kämilleşdirmekden hem-de olaryň çeper döredijiligini, ýatkeşligini, şekillendiriş
başarnyklaryny ösdürmekden ybaratdyr. Bu işi üstünlikli amala aşyrmakda mugallymyň
usulyýetden ýokary taýýarlykly bolmagynyň ähmiýeti örän uludyr.
“Şekillendiriş sungaty we ony okatmagyň usulyýeti” mugallymçylyk mekdeplerinde okuw dersi bolmak bilen başlangyç synplaryň geljekki mugallymlarynyň umumybilim, gözellik terbiýesinde we hünär taýýarlygynda uly orun tutýar.

Şekillendiriş sungaty sungatyň iň gadymy görnüşleriniň biridir. Ilkidurmuş adamsynyň çeper döredijiliginiň köpsanly ýadygärlikleri saklanyp galypdyr. Adamlar ilkidurmuş jemgyýetçilik gurluşy döwründen başlap gowaklaryň diwarlarynda, gaýalaryň ýüzünde öz ýaşaýyş durmuşyna degişli suratlaryň birnäçesini
reňk bilen we daşy oýup çekip galdyrypdyrlar. Daşyň ýüzüne oýulyp çekilen şekillere petroglifler (grek petros – daş we glyphe oýmak sözlerinden) diýilýär. Ol suratlar şol döwrüň adamlarynyň daş-töwerekdäki dünýä hakyndaky garaýyşlaryny, tebigy hadysalar baradaky kämil bolmadyk düşünjelerini, meşgul
bolan işlerini hem-de hudaýlaşdyrylan şekilleri çeper beýan edişlerini görkezýär.

Begenç Allaberdiýew,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň

Zähmet, aýdym-saz, şekillendiriş sungaty we bedenterbiýe

Usuly birleşmesiniň şekillendiriş sungaty mugallymy. 

 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri