Paýtagtymyz Aşgabat “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýip yglan edildi. Bu barada degişli çözgüt şu gün paýtagtymyz Aşgabadyň “Garagum” myhmanhanasynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde kabul edildi.
GDA-nyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Hökümet Baştutanlary bu başlangyjy durmuşa geçirmek üçin 2024-2025-nji ýyllar üçin çäreleriň meýilnamasyny işläp düzmek babatda Bedenterbiýe we sport boýunça Geňeşe degişli tabşyrygy berdiler.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan sportuň dürli görnüşleri boýunça iri sport ýaryşlaryny we forumlaryny guramak bababtda yzygiderli başlangyçlar bilen çykyş edip gelýär. 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirilip, oňa 62 döwletden 5000 türgen gatnaşyp, sportuň 21 ugry boýunça medal gazanmak babatda bäsleşdiler.
2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýun Bütindünýä welosiped güni hökmünde bellendi. Şol ýyl Türkmenistanda “Amul-Hazar 2018” halkara ralli ýaryşy geçirildi. Mundan başga-da, Aşgabatda agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny kabul etdi.
2023-nji ýylda Aşgabatda kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty, 2024-nji ýylda bolsa şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryş guraldy.
Türkmenistanyň Prezidenti 2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitinde GDA agza döwletleriň we beýleki ýurtlaryň türgenleriniň gatnaşmagynda Dostluk oýunlaryny geçirmegi teklip etdi.
2023-nji ýylda Belarusda geçirilen II GDA oýunlaarynda Türkmenistanyň türgenleri 18 medal gazanyp, türkmen sportunyň ýokary derejesini ýene-de bir gezek subut etdiler.
GDA-nyň Hökümet Baştutanlary tarapyndan Aşgabadyň “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýip yglan edilmegi baradaky çözgüdi Türkmenistanyň sport ýurdudygynyň we iri göwrümli sport taslamalaryny durmuşa geçirmekde saldamly goşant goşýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
