JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystana döwlet sapary bilen bardy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçiriljek ýokary derejedäki sammitlere gatnaşmak üçin bu ýurda özüniň ilkinji döwlet saparyny amala aşyrýar.

Türkmenistanyň Prezidentini Astana şäheriniň halkara howa menzilinde Gazagystanyň Premýer-ministri Alihan Smailow garşylady.

Bu saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçiriler.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň Liderleriniň Astana sammitlerine gatnaşar.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň ýokary ordeni bilen sylaglanyldy

Türkmenistan’da Tatillerin Yeni Tarihi

vepa

Täleýnama — ýyldyzlar näme diýýär

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment