DÜNÝÄ

“Gara deňiz-Hazar deňzi”: 4 ýurduň daşary işler we ulag ministrleriniň duşuşygy guralar

2024-nji ýylyň 26-njy aprelinde Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ilçi A.Annaýew Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň täze bellenen Döwlet sekretary hanym Ana Tinca bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda taraplar iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesini bellediler. Bu nukdaýnazardan aşakdaky ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi: syýasy-diplomatik, ýangyç-energiýa, ulag-aragatnaşyk, şeýle hem medeni-gumanitar hyzmatdaşlyk ugurlary.
Ilçi halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk ugruna degip geçip, Türkmenistan bilen Rumyniýanyň halkara guramalarynyň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygyň bardygyny kanagatlanma bilen bellendi.

Söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň çäginde taraplar hökümetara toparlar bilen baglanyşykly meseleleri gozgadylar. Olaryň işlerini güýçlendirmek zerurlygy, şeýle hem söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, söwda dolanyşygyny we özara maýa goýumlaryny ýokarlandyrmagyň we iki ýurduň innowasiýa tehnologiýalary pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurlygy bellendi.

Hazar deňzi – Gara deňiz halkara ulag geçelgesini döretmek taslamasynyň ähmiýetine ünsi çekip, taraplar bu taslamanyň ýakyn wagtda iň meşhur geçelgeleriň birine öwrüljekdigi barada ylalaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, rumyn tarapy agzalan taslamanyň Rumyniýanyň hökümetiniň hem öňe sürýändigini belläp, 2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň dowamynda Rumyniýanyň, Gruziýanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň we ulag ministrleriniň bilelikdäki maslahatyny guramagy meýilleşdirýändigini barada habar berdi.

Ýene-de okaň

Russiýa Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýar

Türkmenistan bilen Pakistanyň zenan parlamentarileriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy

BMG-niň Baş sekretary wezipesine ýene iki dalaşgär hödürlendi

Tramp içerki howpsuzlyk ministrini üýtgetmek kararyny mälim etdi

Türkmenistanyň ilçisi Ýewropa Parlamentinde brifing geçirdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda gynanç kitabyna ýazgy galdyrdy

Ata Watan Eserleri