DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçihanasy Tbiliside futbol ýaryşyny gurnady

2024-nji ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan futbol ýaryşy geçirdi. Bu ýaryşa Gruziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary, şeýle hem Türkmenistanyň raýatlary gatnaşdylar.

Ýaryş başlamazdan ozal Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow gatnaşyjylara ýüzlendi. Ol bütindünýä saglyk güni jemgyýetiň agzybirligini berkitmekde we sagdyn durmuş ýörelgesini, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmekde möhüm orun eýeleýändigini aýtdy.

Şeýle hem ol 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary, türkmeniň nusgawy edebiýatynyň esaslandyryjysy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýändigini belläp geçdi. 2024-nji ýylda Türkmenistanyň şygary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” hem onuň ady bilen baglanyşykdyr.

Ýaryşyň ahyrynda baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Related posts

Türkmenistan ve Belarus ortak bir iş forumu düzenleyecek

vepa

Eýran bilen syýasy geňeşmeler : COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreş

Türkmen wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasyna amala aşyran sapary hakynda