MEDENIÝET

“Dünýä gözeli – 2024” bäsleşiginiň ýeňijisi mälim edildi

Ýer şarynyň iň owadan zenany hökmünde Çehiýanyň wekili Kristina Pyşkowa saýlandy. Hindistanyň meşhur Mumbaý şäherinde “Dünýä gözeli – 2024” bäsleşigi geçirildi. 

Bu bäsleşikde Çehiýadan gatnaşan 24 ýaşyndaky Kristina Pyşkowa ýeňiji boldy. Ol hukuk fakultetinde okaýar hem-de hukuk we işewürlik dolandyryjylygy ugrunda bilim alýar. Şol bir wagtda moda we meýletinçilik işleri bilen meşgullanýar.

Tanzaniýada garyp çagalar üçin özüniň iňlis dili mekdebini açdy. Dünýä gözeli bäsleşiginiň ýeňijisi 4 dilde  – iňlis, polşa, slowak we german dillerinde gürläp bilýär. Aýdym diňlemegi halaýar, käbir saz gurallary çalýar. Şeýle hem ata münmegi gowy görýär. Özüne ýol-ýörelge edinen güýçli zenany – Koko Şaneldir.

Kristina Pyşkowa  “Dünýä gözeli” bäsleşigine gatnaşyp, ýeňiji bolaan ikinji çehiýalydyr.

Bu gezekki bäsleşige 115 döwletden gyzlar gatnaşyp, ikinji orny Liwandan Ýasmin Zaýtun eýeledi.

Related posts

Iň köp aýlyk alýan sazandalaryň sanawynda ýeke-täk zenan: Teýlor Swift

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Hindistanda Magtymgula bagyşlanan dokumental film surata düşerer

Özbegistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi