SPORT

Salah: küşt maňa futbol oýnamaga itergi berýär

Müsüriň milli ýygyndysynyň hem-de Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň hüjümçisi Mohamed Salah özüniň esasy halaýan zadynyň küştdügini mälim etdi. Oňuň bellemegine görä, küşt futbol oýnamaga kömek edýär.
– Birinjiden, men küşt oýnamagy halaýaryn. ikinjiden, men her gün diýen ýaly ony oýnaýaryn – diýip, Salah iňlis toparynyň resmi saýtyna beren interwýusynda belläp geçdi.

“Liwerpul” toparynyň hüjümçisi Mohamed Salah oňa küşt sportuna bolan yhlasynyň futbol meýdançasynda hem kömek edýändigini belledi. “Men küşt sportunyň futbol meýdançasynda nähili kömek edýändigini bilemok. Ýöne küşt maňa strategiki pikirlenmäge iterýär. Käte, men küşt bilen futbolyň logikasynyň biri-birine meňzeşdigine ynanýaryn” – diýip, Salah belledi.

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy