SPORT

Ýamal üçin 200 million ýewrolyk teklip

Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň 16 ýaşyndkay futbolçysy Lamin Ýamal Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň ýyldyzy Kilian Mbappeniň ornuny tutup bilermi? Fransuz topary ýaş futbolçy üçin 200 million ýewro teklip etdi.

Ispan neşirleriniň habaryna görä, Fransiýanyň “PSŽ” topary düzüminde çykyş edýän Kilian Mbappeniň topardan gitmek babatdaky kararyna oňyn garady. Bu futbolçynyň ornuny doldurmak üçin täze teklipleriň üstünde işleýär.

Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň ýolbaşçy düzümi bu teklipden habardar. Ýöne ispan toparynyň ýolbaşçysy Žoan Laporta özüniň futbol akademiýasynda ýetişen bu futbolçyny satmagy göz öňünde tutmaýar.
Mälim bolşy ýaly, Fransiýanyň “PSŽ” topary mundan ozal, Ispaniýanyň “Barselona” toparyndan Neýmary 222 million dollara satyn alypdy.

Related posts

Soňky netije…

Gündogan “Barselona” bilen şertnama baglaşdy

Ata Watan Eserleri

«Ýuwentus» Ronaldony satmakçy

Ata Watan Eserleri