MEDENIÝET

“Oskar” baýraklary: “Oppengeýmer” “Iň gowy film” baýragynyň eýesi boldy

1929-njy ýyldan bäri gowşurylyp gelinýän “Oskar” baýragynyň nobatdakysyň ýeňijileri mälim edildi. ABŞ-nyň Los-anželes şäherindäki Dolbi teatrynda geçirilen “Oskar” baýraklarynyň gowşurylyş dabarasynda “Oppengeýmer” filmi tapawutlandy. Bu film “Iň gowy film” baýragynyň eýesi boldy.

4 ýyldan bäri amerikaly aktýor Jimmi Kimmel tarapyndan alnyp barlan dabarada “Oppengeýmer” filmi 13 kategoriýada dalaşgär görkezildi. Şolaryň 7-si boýunça baýraklara mynasyp bolan “Oppengeýmer” filminiň baş gahrymany Kilian Murfi “Iň gowy erkek aktýor” baýragyna mynasyp boldy.

96-njy gezek geçirilen “Oskar” baýraklarynyň gowşurylyş dabarasynda Emma Stoun “Iň gowy zenan aktrisa” baýragyny eýeledi.

“Oppengeýmer” filminiň režissýory Kristofer Nolan “Iň gowy režissýor” baýragyny aldy.

Dabarada “Iň gowy daşary ýurt çeper filmi” baýragyna “Bähbitler zolagy” filmi mynasyp bolan bolsa,  Haýao Miýadzakiniň “Oglanjyk we guş” filmi “Iň gowy animasion film” baýragyny gazandy.

Ýene-de okaň

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri

Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi