MEDENIÝET

Türkmenistan Sinandali nusgawy aýdym-saz festiwalyna gatnaşdy

2023-nji ýylyň 31-nji awgustyndan 10-njy sentýabry aralygynda Gruziýada 5-nji Tsinandali nusgawy aýdym-saz festiwaly geçirilýär.

Tsinandali festiwaly dünýäniň dürli künjeginiň ýerine ýetiriji dirižorlary, kompozitorlary, şeýle hem nusgawy aýdym-saz söýüjilerini özüne jemledi. Festiwala Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Gruziýanyň, Ysraýylyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň, Ukrainanyň we Türkmenistanyň sazandalary gatnaşýar.

Festiwalyň açylyş dabarasy Pan-Kawkaz ýaşlar orkestr toparynyň düzüminde Türkmenistandan wekilçilik edýän türkmen sazandalarynyň çykyşy bilen başlandy.

Festiwalyň dowamynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedowyň festiwalyň guramaçylary we ýaş türkmen sazandalar topary bilen duşuşygy boldy.

Ilçi festiwalyň gurnaýjylaryna minnetdarlygyny bildirdi hem-de häzirki zaman medeni we ynsanperwer ugrundaky gatnaşyklarynda türkmen-gruzin döwletara gepleşikleriniň aýrylmaz böleginiň biri bolup durýandygyny aýtdy. Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygynda bilelikde işleriň alnyp barylýandygyny belläp geçdi.

Şeýle çäreleri geçirmek biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitmäge, ýaş sazandalara aýdym-saz älemini giňden öwrenmäge hem-de bilimini ösdürmäge ajaýyp mümkinçilikleri döredýär.

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy