SPORT

“Forbes”: dünýä çempionatyna gatnaşýan iň köp girdeji gazanýan 11 futbolçy

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşýank futbolçylaryň arasynda iň köp girdeji gazanýan oýunçylar sanawynda birinji orny eýeledi. Bu barada “Forbes” žurnaly habar berdi.

Saud Arabystanynyň “Al Nasr” toparynyň hüjümçisi soňky 12 aýyň dowamynda 300 million dollar gazandy. Şol mukdaryň 235 million dollary futbol bilen bagly girdejilerden, 65 million dollary bolsa mahabat şertnamalaryndan gelip çykdy.

“Forbes”-iň sanawynda jemi 11 futbolçy bar. Ikinji orny Lionel Messi (140 mln dollar), üçünji orny bolsa Kilian Mbappé (95 mln dollar) eýeledi.

Soňky orunlarda:

  • Erling Holand — 80 mln dollar
  • Winisisus — 60 mln dollar
  • Jud Bellingem — 44 mln dollar
  • Lamin Ýamal — 43 mln dollar
  • Garri Keýn — 41 mln dollar
  • Neýmar — 38 mln dollar

Dünýä çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýula çenli ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçiriler. Bu ýaryşa taryhda ilkinji gezek 48 milli ýygyndy gatnaşar.

Related posts

Futbol täzelikleri: Sadio Mane üçin teklip, Berdiýew tälimçilige dolanmakçy

Messi täze möwsüme ýeňiş bilen başlady

Ertir Döwletjan Ýagşymyradow Simon Biýong bilen duşuşar