DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen ABŞ ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Türkmenistana gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüşi maliýeleşdirmek korporasiýasynyň syýasat meseleleri boýunça baş dolandyryjysy Kerolaýn Wikiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministri M.Akmämmedowyň we degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda ministrligiň edara binasynda maslahat geçirildi.

Şol sanda, maslahata sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy A.Şanazarow hem gatnaşdy.

Myhman hanym Kerolaýn Wik ilki bilen, mähirli garşy alnandyklaryny nygtap, türkmen tarapyna çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Şonuň bilen birlikde, sebitde geografik taýdan amatly ýerde ýerleşýän Türkmenistan bilen ygtybarly, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyklary ýola goýmaga Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüşi maliýeleşdirmek korporasiýasynyň ýakyndan gyzyklandyrma bildirýändigini aýratyn belläp geçdi.

Maslahatyň dowamynda taraplar ileri tutýan ugurlar, şol sanda maliýeleşdirilýän taslamalar esasynda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ilerledilmegi dogrusynda özara pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça teswirnama gol çekdiler

Azerbaýjan bilen Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy