SPORT

Gurban Berdiýewiň “Soçi” topary ýeňiş bilen başlady

Russiýanyň futbol boýunça milli çempionatynyň gyşky arakesmeden soňky aýlawyna badalga berildi. Eýranyň “Traktor” topary bilen şertnamasynyň möhletini wagtyndan öň ýatyryp, Russiýanyň “Soçi” toparyna geçen ildeşimiz Gurban Berdiýew täze toparyndaky ilkinji resmi duşuşygynda ýeňiş gazandy.

Onda-da, “Soçi” topary Russiýanyň milli çempionatynyň güýçli toparlarynda “SSKA” toparyny 2:0 hasabynda ýeňmegi başardy.

milli çempionatyň 18-nji tapgyrynda “Soçi” topary 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy we toparyň gollaryny Luka Jorjewiç öz adyna ýazydyrdy.

Bu gazanylan ýeňişden hoşal bolan ildeşimiz Gurban Berdiýew: “Men şu gün “Soçi” toparyndaky kümüş medal alan möwsümindäki oýny gördüm. Futbolçylar her bir pökgüni gazanmak ugrunda tagalla etdiler” diýip belledi.

“Soçi” topary bu duşuşykda gazanan ýeňşi bilen 7-nji orna çykdy. Çempionatyň kerwenbaşysy “Zenit” toparyndan 16 utuk yzda galýar.

Related posts

“Arkadag” topary 100 pökgi geçirdi

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk geçiriler

“Mançester Siti” Angliýanyň milli ýygyndysynyň goragçysyny transfer etdi

Leave a Comment