SPORT

6 aýdan soňra tälimçisini wezipeden boşatdy

Şu ýyl Portugaliýanyň tälimçileriniň bagty çüwmeýär. Golaýda Russiýanyň “Spartak” topary portugal tälimçisi Rui Witoryýany wezipesinden boşadan bolsa, bu gezek Türkiýäniň “Fenerbahçe” topary hem portugal tälimçisi Witor Pereýrany wezipesinden boşatdy. Her iki tälimçi hem 6 aýdan soňra wezipesinden gitmeli boldy.

Witor Pereýra Türkiýäniň iň meşhur futbol toparlarynyň biri bolan “Fenerbahçe” topary bilen iýul aýynda şertnama baglaşypdy. Portugal tälimçi bilen 2 ýyllyk şertnama göz öňünde tutulypdy. Ýöne türk topary tälimçisi bilen wagtyndan öň şertnamasyny ýatyrmaly boldy. Bu hem toparyň soňky döwürdäki şowsuz oýunlary bilen baglanyşykly boldy.

“Fenerbahçe” topary 17 tapgyryň ahrynda Türkiýäniň milli çempionatynda 5-nji orny eýeläp, çempionatyň öňbaşysy “Trabzonspor” toparyndan 14 utuk yzda barýar.

Şeýle hem tälimçi Witor Pereýranyň toparyň ýyldyz futbolçysy Mesut Özil hem gatnaşyklary öwerlik bolmady. Netijede, toparyň ýolbaşçy düzümi tälimçi bilen özara ylalaşyk esasynda şertnamany ýatyrmak kararyna geldi.

 

Ýaponiýa Owganystana 100 million dolarlyk ynsanperwer kömegini berýär

Related posts

3 ýyldan soňra dünýä çempionaty geçirilýär

Sportuň iň köp ýaýran görnüşiniň baýramçylygy

Ata Watan Eserleri

Ýewropa çempionatynda ýyldyzlaşan futbolça uly gyzyklanma

Ata Watan Eserleri