SPORT

“Enfieldde” Salahyň gijesi

Angliýanyň “Premýer Liga” milli futbol çempionatynyň 26-njy tapgyrynyň esasy duşuşyklarynyň biri “Enfield” meýdançasynda geçirildi. “Liwerpul” topary öz meýdançasynda “Mançester Ýunaýted” toparyny kabul etdi.

“Liwerpul” topary özüniň uly hasaply ýeňişleriniň birini gazandy. “Mançester Ýunaýted” toparyny 7:0 hasabynda ýeňen duşuşykda 2 gol geçiren müsrüli Mohamed Salah “Liwerpul” toparynyň iň köp gol geçiren futbolçysy boldy.

Ol Angliýanyň milli çempionatynda “Liwerpul” toparynyň düzüminde 129 gol geçirip, Robbi Faulerden öňe saýlandy.

“Liwerpul” toparyndan Kody Gakpo, Darwin Nunez we Mohamed Salah 2 goldan, Roberto Firmino hem 2 gol geçirdi.

“Mançester Ýunaýted” topary bolsa, 92 ýyldan soňra uly haspa bilen ýeňildi. Bu topar baryp, 1931-nji ýylda “Wulwerhepmton” toparyndan 7:0 hasabynda utulypdy.

 

Ýene-de okaň

Fransiýa çärýek finalda Marokko bilen oýnar

Marokko ilkinji bolup çärýek finala çykdy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionaty: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň rekordlary bilen Argentina 1/8 finala çykdy

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy