DÜNÝÄ

Asif Ali Zardari Pakistanyň Prezidenti boldy

Pakistanyň parlamentiniň deputatlary Pakistanyň Halk partiýasynyň ýolbaşçylaryndan Asif Ali Zardarini ýurduň prezidenti wezipesine saýlady. Bu barada Pakistanyň metbugaty habar berýär.

Parlamentde geçirilen ses berlişikde 68 ýaşyndaky Zardari 411 ses aldy, onuň esasy bäsdeşi Mahmud Han Açakzaý bolsa 181 ses aldy.

Asif Ali Zardari ýurdy dolandyrýan koaalisiýanyň – Pakistanyň Halk partiýasynyň hem-de Pakistanyň musulman ligasynyň dalaşgäri boldy.

Mälim bolşy ýaly, Asif Ali Zardari mundan ozal, ýagny 2008-2013-nji ýyllarda hem Pakistanyň Prezidenti wezipesini alyp barypdy.

Pakistan – parlament respublikasydyr, döwlet baştutanynyň ygtyýarlylyklary çäklidir.

Related posts

Emmanuel Makron: Türkmenistan bilen gatnaşyklarymyzy ösdürmäge taýýar

Mongoliýa Türkmenistan bilen ulag ulgamyny ösdürmekde hyzmatdaşlyk eder

SPEСA howanyň üýtgemegi babatda durnukly şäherler forumyny döreder