JEMGYÝET

Arkadag şäherinde täze “Saglyk” seýilgähi gurlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri iş saparynyň dowamynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän binalaryň taslamalary görkezildi. Olaryň hatarynda täze şäheriň “Saglyk” seýilgähiniň şekil taslamasy, täze seýilgähiň çäginde oturdylmagy meýilleşdirilýän baglaryň görnüşleri, suw çümdürimler, seýilgähiň yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri, suw çüwdürimlerine degişli taslamalar bar.

Mundan başga-da, bu ýerde Arkadag şäheriniň Gorjaw etrap häkimliginiň edara binasynyň, Muzeý binasynyň, Saglyk öýüniň, Awtotoplumyň we bellige alyş nokadynyň, Demir ýol menziliniň, Ýangyna garşy göreş gullugynyň, Söwda we hyzmat ediş toplumynyň, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem “Arkadag” futbol toparynyň ýörite nyşanlarynyň teklip edilýän görnüşleri görkezildi.

Hormatly Arkadagymyz görkezilen taslamalar bilen tanyşlygyň barşynda olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Arkadag” futbol topary üçin niýetlenen nyşanlaryň görnüşleri bilen tanşyp, olarda milli sportuň ösdürilmegine, aýratyn-da, ýaşlaryň ýokary netijeli sporta çekilmeginde, türkmen futbolynyň ösüşiň ýokary derejesine çykmagynda ähmiýeti bolan many-mazmunyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Bu nyşanlar türkmen türgenleriniň buýsanjyna öwrülmelidir.

Ýene-de okaň

Derýageldi Orazow Şäherleriň Bütindünýä Forumy üçin Azerbaýjana bardy

Özbegistanda ýeňiji bolan türkmen atşynaslaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Hökümet Baştutanlary bilen duşuşar

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Ýaponiýada Türkmenistan üçin talyp haklary mümkinçiliklerini giňeltmek maslahatlaşyldy